tm
Powered by Veriloft
Täze Bakja
"Täze Bakja" HJ-nyň esasy maksady ýylyň her möwsüminde saçaklarymyzy witamine we minarallara baý ýokumly ter gök önümleri bilen üpjün etmek!
Maksadymyza ýetmek üçin 63000 m2 meýdanda agrotehnikanyň iň döwrebap we kämil tilsimatlaryndan peýdalanyp pomidor önümçiligi üçin niýetlenilen topraksyz ýyladyşhananyň gurluşugyny amala aşyrdyk.
Ýyladyşhanada gurnalan ähli tilsimatlar Gollandiýanyň önümi bolup Ýewropa standartlaryna gabat gelýär.
Laboratoriýa barlaglarynyň netijesinde ýyladyşhanada gurnalan enjamlaryň we ulgamlaryň ekologiýa zyýansyzdygy subut edildi.
HOWA ULGAMY: Ýyladyşhanada gurnalan howa ulgamynyň esasy aýratynlygy ýylylygy, çyglylygy, CO2 we ýagtylygy akylly tilsimatlar arkaly sazlap, sagdyn we tagamly önümleriň ýetişdirilmegine ýardam berýär.
SUW ÜPJÜNÇILIGI: Ýyladyşhananyň suw üpjünçiligi ulgamy ösümlik üçin zerur bolan suw mukdaryny, niýetlenen mukdarda bermek arkaly tebigy resurslary rejeli peýdalanmaga goşant goşar. Şeýle-de, ösümlikleri suwarmak we ýylylygy üpjün etmek maksatly gurnalan suw aýlanyşyk ulgamy suwy 30% tygşytly ulanmaga ýardam berer.
ENERGIÝA ULGAMY: Ýyladyşhananyň gurluşygynda ulanylan polikarbon we plasmast diwarlar we akylly tehnologiýalar elektrik energiýasyny we tebigy gazy tygşytly ulanmaga goşant goşar.
Ýyladyşhananyň önümçilik işi doly ýola goýulýança daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk ýola goýular. Ýyladyşhanada 80-100 adama täze iş mümkinçiligi dörediler.
Ýetişdirilen önümleriň esasy bölegi daşary ýurtlara, ylaýtada Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegi meýilleşdirilýär.