ÝYLADYŞHANA

"Täze Bakja" HJ-nyň esasy maksady ýylyň her möwsüminde saçaklarymyzy witamine we minarallara baý ýokumly ter gök önümleri bilen üpjün etmek!

Maksadymyza ýetmek üçin 63000 m2 meýdanda agrotehnikanyň iň döwrebap we kämil tilsimatlaryndan peýdalanyp pomidor önümçiligi üçin niýetlenilen topraksyz ýyladyşhananyň gurluşugyny amala aşyrdyk.

ÝYLADYŞHANANYŇ AÝRATYNLYKLARY

  • Howa ulgamy

    Ýyladyşhanada gurnalan howa ulgamynyň esasy aýratynlygy ýylylygy, çyglylygy, CO2 we ýagtylygy akylly tilsimatlar arkaly sazlanyp, sagdyn we tagamly önümleriň ýetişdirilmegine ýardam berýär.
  • Suw üpjünçiligi

    Ýyladyşhananyň suw üpjünçilik ulgamy ösümlik üçin zerur bolan suw mukdaryny, niýetlenen mukdarda bermek arkaly tebigy resurslary rejeli peýdalanmaga goşant goşar. Gurnalan suw aýlanyşyk ulgamy suwy 30% tygşytly ulanmaga ýardam berer.
  • Energiýa ulgamy

    Ýyladyşhananyň gurluşygynda ulanylan polikarbon we plasmast diwarlar we akylly tehnologiýalar elektrik energiýasyny we tebigy gazy tygşytly ulanmaga goşant goşar.
  • Hünärmenler

    Ýyladyşhananyň önümçilik işi doly ýola goýulýança daşary ýurtly hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk ýola goýular. Ýyladyşhanada 80-100 adama täze iş mümkinçiligi dörediler.